Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza, şeýle-de Gahryman Arkadagymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jewdet Ýylmaz Türkmenistana her gezek sapar bilen gelende ýurdumyzyň gazanýan ösüşleriniň şaýady bolýandygyny aýdyp, şunda Milli Liderimiziň başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň wise-prezidentini mähirli mübärekläp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de türk wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, kökleri asyrlara uzaýan türkmen-türk doganlyk gatnaşyklary bu gün baý tejribä eýe bolup, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň berk binýadyny emele getirýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn derejede, halkara guramalaryň çäklerinde özara ynanyşmak we birek-biregi goldamak esasynda pugtalandyrylýar. Iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli guralýan özara saparlarydyr gepleşikleri döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmagynyň häzirki döwürde ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagyna täze itergi berendigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy dürli ugurlarda täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Söhbetdeşler iki ýurduň uly ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak barada hem yzygiderli pikir alyşmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň, işewürlik geňeşiniň hem-de ikitaraplaýyn esasda geçirilýän sergileriň ähmiýetini bellediler.

Geçen ýylyň 2 — 5-nji iýuly aralygynda Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi üstünlikli geçirildi. Şu ýylyň 10 — 12-nji fewralynda bolsa Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi giň gerimde guraldy. Şeýle sergileriň netijeleri ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga itergi berýär. Munuň özi türk kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, maýa goýumlary işjeň çekmäge ýardam edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň doganlyk gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň abadan durmuşynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.