Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Çoý Sang-moka “Jeju Air” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.